Türkmenistanyň ýolbaşçygy HHR-niň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli gutlaglaryny ýolladylar


ORIENT | Syýasat. Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygy 2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda özüniň 73 ýaşyny bellän Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Si Szinpiniň parasatly we öňdebaryjy ýolbaşçylygynda Hytaý Halk Respublikasynyň hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşde hakykatdan hem haýran galdyryjy, ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara meýdançasyndaky abraýyny yzygiderli berkidýändigini we köp millionly halkynyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrýandygyny aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutany Aşgabatda Hytaý bilen wagtyň synagyndan geçen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini we deňhukuklylygyň, özara hormat goýmagyň hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan strategik we hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Resmi gutlaglara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem goşuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda Hytaýyň Lideriniň köpasyrlyk ak ýürekli dostluk we uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky ynanyşmak dialogynyň şu günki günde döwrebap halkara giňişlikde döwletara özara hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny nygtady we bu köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-niň Başlygyna berk jan saglyk, güýç kuwwat, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde täze uly üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.
Si Szinpiniň şu gezekki doglan güni onuň alyp barýan giň gerimli taryhy özgerişleriniň iň ýokary derejesine gabat geldi, sebäbi ol 2012-nji ýylda başlanan ýolbaşçylyk geçen ýyllarynyň dowamynda ýokary tehnologiýalar ulgamynda düýpli özgertmeleri, garyplygy ýeňip geçmek boýunça giň gerimli işleri öňe sürdi we Hytaýyň ykdysadyýetini dünýä ösüşiniň esasy sütünleriniň birine öwürdi. 1953-nji ýylda belli rewolýusioneriň maşgalasynda dünýä inen Si Szinpin, Şensi welaýatynyň oba ýerlerinde zähmet çekmekden başlap, abraýly Sinhua uniwersitetinde hukuk boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goramaga çenli ägirt uly durmuş mekdebini geçdi.
Halkara meýdançasynda onuň ady dünýäniň onlarça ýurduny söwda we logistika ýollary arkaly birleşdiren ägirt uly «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen-hytaý dialog nukdaýnazaryndan bu hyzmatdaşlyk çuňňur strategik häsiýete eýedir. Bu ýerde energetika ulgamy, has takygy, asyryň inženerçilik taslamasy bolan we sebitiň energetika howpsuzlygyny ygtybarly üpjün edýän Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi esasy sütün bolup çykyş edýär.
Aşgabatdan ugradylan bu mähirli gutalgalar iki döwletiň liderleriniň arasyndaky şahsy ynama eýe bolan gatnaşyklaryň bilelikdäki geljegi uzak möhletleýin meýilleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.








