HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen topraklaryna syýahat: Pol Nadaryň fotosurat sergisi Aşgabatda açylar

Iýun 10, 2026 | 23:40 |13912
2026-njy ýylyň 11–23-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen topraklaryna syýahat» atly täsin fotosurat sergisi geçiriler2026-njy ýylyň 11–23-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen topraklaryna syýahat» atly täsin fotosurat sergisi geçiriler
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 11–23-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen topraklaryna syýahat» atly täsin fotosurat sergisi geçiriler. Oňa gelýänler 1890-njy ýylda fransuz fotosuratçysy Pol Nadar tarapyndan düşürilen seýrek suratlary görüp, döwürleriň çalşygyndaky Merkezi Aziýanyň durmuşyny açyp görkezýän özboluşly dünýä bilen tanyşarlar.

Sergi Fransuz instituty we Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde guralýar. Taslama Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Fransiýanyň Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlaglar institutynyň (IFEAC) hem-de TotalEnergies kompaniýasynyň ýardamy bilen amala aşyrylýar.

Ekspozisiýada ýerli ilatyň portretleri we türkmen topraklarynyň ajaýyp tebigatyny şöhlelendirýän görnüşler görkeziler. Bu taryhy suratlar diňe bir 1890-njy ýyllaryň wizual ýyl ýazgysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem medeni alyş-çalşygyň köprüsi hökmünde fransuz-türkmen gatnaşyklaryny hem pugtalandyrýar.

Serginiň aýratyn wakasy

Çärä CNRS-iň (Eur'Orbem, Pariž) ylmy ýolbaşçysy we IFEAC-yň çagyrylan ylmy işgäri hanym Swetlana Gorşenina gatnaşar. Merkezi Aziýanyň taryhy boýunça hünärmen hökmünde ol Nadaryň eserleriniň sebitiň taryhyna düşünmekdäki ähmiýeti we onuň dünýä medeniýetindäki orny barada pikirlerini paýlaşar.

Pol Nadar barada

Pol Nadar (1856–1939), meşhur fransuz fotosuratçysy Feliks Nadaryň ogly bolup, maşgala däbini dowam etdirip, reportaž fotosuratçylygynda özboluşly usul döredipdir. Tehniki täzeliklere we syýahatlara uly gyzyklanma bildirip, ol öz döwrüniň iň görnükli fransuz fotosuratçylarynyň birine öwrüldi. Onuň ekspedisiýalary ýewropalylar üçin tanalmaýan ýerleri surata düşürmäge mümkinçilik berdi we häzirki wagtda uly taryhy hem medeni gymmata eýe bolan baý wizual mirasy galdyrdy.

Merkezi Aziýanyň jümmüşine özboluşly syýahat 1890-njy ýylda Pol Nadar Daşkentde geçirilen ilkinji Halkara sergisi mynasybetli hem-de şol döwürde Merkezi Aziýanyň döwrebaplaşmagynyň we ýewropalylar üçin sebitiň açylmagynyņ nyşany bolan Zakaspiý demir ýolunyň ösüşi bilen baglanyşykly Merkezi Aziýa syýahat etdi. Bu syýahaty resminamalaşdyrmak üçin çagyrylan Nadar sebit baradaky täze döräp başlan gyzyklanmanyň ýolbeletine öwrüldi.

Bu suratlar resminama gymmaty bilen birlikde, gündelik durmuşyň pursatlaryny uly duýgurlyk bilen şöhlelendirýär we XIX asyryň ahyryndaky Merkezi Aziýanyň janly keşbini döredýär. Häzirki wagtda olar şol döwrüň jemgyýetlerine, medeniýetlerine we durmuş ýörelgelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýän bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr.

Medeni dialoga çakylyk

Portretleriň, tebigat görnüşleriniň we gündelik durmuş sahnalarynyň üsti bilen sergi myhmanlary umumy medeni mirasy täzeden açmaga we taryha täzeçe nazar bilen garamaga çagyrýar. Şeýle hem, ol fotosuratyň Ýewropanyň Merkezi Aziýa bilen tanyşmagyndaky ornuny ýatladýar hem-de XIX asyryň ahyryndaky sebitiň täsin durmuşyny açyp görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026