HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Iýun 10, 2026 | 14:05 |9270
Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri üstünlikli tamamlandyMoskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri üstünlikli tamamlandy
Çeşme: orient.tm

Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri üstünlikli tamamlandy. Medeni çärä Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, şol sanda meşhur artistler, opera ýerine ýetirijileri, estrada aýdymçylary, belli aýdym-saz we tans toparlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, iki ýurduň işewür guramalarynyň agzalary, medeniýet edaralarynyň jogapkär ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, artistler, žurnalistler, talyplar we türkmen diasporasynyň wekilleri boldy.

В Москве завершились Дни культуры Туркменистана

Medeni çäräniň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de P.I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektorlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda medeniýet we sungat ulgamynda tejribe alyşmak, şeýle hem okuw işiniň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Moskwadaky M.I. Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda tejribe alyşmak we kitaphana işi babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

В Москве завершились Дни культуры Туркменистана

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026