Beýik Britaniýada benziniň bahasy 25 göterim gymmatlady. Edinburgda elektrowelosipedler esasy ulag görnüşine öwrülýär
Bir bak üçin 17 funtuň ýerine 20 funt tölemek, dyknyşykda bir sagat oturmagyň deregine elektromotosiklde 30 minutda barmak we Ormuz bogazyndaky krizis sebäpli iki tigirli ulaglaryň söwdasynyň artmagy
“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyň artmagy sebäpli Beýik Britaniýada ýangyjyň bahasynyň birden ýokarlanmagy, köp sanly ýolagçyny has elýeterli we amatly tarapyny gözlemäge mejbur etdi. Elektrikli iki tigirli ulaglar, ýangyç guýulýan nokatlardaky ýokary bahalardan gaçmak isleýänler üçin meşhur saýlawa öwrüldi.
Fewral aýynyň ahyrynda Ýakyn Gündogarda dörän gapma-garşylyklardan bäri Beýik Britaniýada benziniň bahasy takmynan 20 göterim, dizel ýangyjynyň bahasy bolsa 25 göterimden hem köp ýokarlanyp, soňky üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Bu ýagdaý köp babatda dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň uly böleginiň daşalýan ýeri bolan Ormuz bogazyndaky bökdençlikler bilen baglydyr.
Ulag çykdajylarynyň artmagy, zatlaryň gymmatlamagy britan hojalyklaryna düşýän maliýe agramyny has-da agyrlaşdyrdy. Edinburgda awtoulag eýeleri munuň täsirini eýýäm duýup başladylar.
«Adatça men baky doldurmak üçin 17 funt töleýärdim. Indi bolsa baha 22 funta çykdy. Tapawut kän uly däl ýaly görünse-de, bahalar barha ýokarlanýar» — diýip, ýerli ýaşaýjy Natan aýtdy
Ýene bir ýerli ýaşaýjy Derek şeýle diýdi: «Geçen penşenbe güni bakym doludy, ýöne eýýäm boş diýen ýaly. Maňa özüme amatly boljak bir çykalga tapmak gerek». Ýangyç bahalarynyň çalt ýokarlanmagy bilen, elektrowelosipedler we elektromotosikler pes ulanyş çykdajylary we dyknyşykly köçelerde hereket etmegiň amatlylygy sebäpli meşhurlyk gazanýar. Derek: «Meniň bularda halaýan zadym — amalylygy. Bu hem arzan, hem tygşytly» diýip belledi.
Elektrikli iki tigirli ulaglary satýan dükanlar alyjylaryň gyzyklanmasynyň görnetin artandygyny aýdýarlar. Barha köp adam has çalasyn, tygşytly we wagt tygşytlaýan çözgütlere geçmegiň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutýar.
Edinburgyň ýene bir ýaşaýjysy Wilýam: «Men diňe ýangyç üçin hepdede takmynan 40 ýa-da 50 funt sarp edýärin. Motosiklde bolsa has arzan düşýär, bu mukdaryň bary-ýogy 10 göterimi bolmagy mümkin. Awtoulagda işe barmak üçin maňa bir sagat gerek bolup biler. Elektromotosiklde bolsa, dyknyşyklarda durman arkaýyn hereket edip bolýandygy sebäpli, bary-ýogy ýarym sagat ýa-da 40 minut sarp edýärin. Men her tarapa azyndan 20 minut tygşytlaýaryn» — diýip, belledi Edinburg — Şotlandiýanyň paýtagty bolup, ol özüniň dik baýyrlary, dar orta asyr köçeleri we dykyz ulag gatnawy bilen tanalýar. Bu ýerde elektrikli welosipedlere we motosikllere aýratyn uly isleg bildirilýär, sebäbi olar belentliklere aňsat çykmaga, dyknyşyklardan sowa geçmäge, wagtyňy we güýjüňi tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Benziniň bahasy gapjyga täsir edýär. Britanlar her bir funtyny hasaplaýarlar we çykalga tapýarlar — iki tigir we elektrik hereketlendirijisi. Ýolda 20 minut tygşytlylyk. Ýangyç çykdajylarynyň ondan bir bölegi. Edinburg adamlaryň elektrowelosipedlere geçýän ilkinji şäheri däl. Ýöne ol geosyýasatyň millionlarça adamyň endiklerini nähili üýtgedýändiginiň nyşanyna öwrüldi.
Mesele bahalaryň ýokarlanjakdygynda däl. Olar ýokarlanar. Mesele dünýäniň nebit şoklaryna bagly bolmadyk ulaglara nähili çalt geçjekdiginde. Käbirleri bogazlar barada jedel edýärkäler, beýlekiler eýýäm pedallary aýlap başladylar. Wagtyny, puluny we nerwilerini tygşytlaýarlar.








