HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi

Iýun 06, 2026 | 17:40 |3743
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin wekiliýete ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdiPrezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin wekiliýete ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi
Çeşme: culture.gov.az

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin wekiliýete ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Adil Kerimli Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi we Azerbaýjanyň doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan gepleşikleri çuňlaşdyrmaga strategik ähmiýet berýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar soňky ýyllarda söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik ugurlarda hil taýdan täze derejä çykan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Iki halky ýakynlaşdyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň gurluşynda aýratyn orun tutýar. Söhbetdeşler özara Medeniýet günleriniň yzygiderli we netijeli tejribä öwrülendigini bellediler: geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň üstünlikleri şu gezekki jogap çärelerinde özüniň sazlaşykly dowamyny tapdy.

“Bu asylly däbe eýerip, şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Ýurdumyz Azerbaýjanyň medeniýet, sungat işgärlerinden ybarat uly wekiliýetini myhmansöýerlik bilen kabul edýär” diýip, döwlet Baştutany belledi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň beýik şahyr we akyldarlarynyň döredijiligine bagyşlanan bilelikdäki konsertleriň, sergileriň hem-de ylmy maslahatlaryň diňe bir ikitaraplaýyn gün tertibiniň bezegi bolman, eýsem, uzak möhletleýin akademiki we döredijilik alyş-çalşygy üçin ygtybarly binýady kemala getirýändigini nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026