HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi

Iýun 06, 2026 | 00:23 |3845
Aşgabatda 4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň duşuşygy geçirildiAşgabatda 4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň duşuşygy geçirildi
Çeşme: aa.com.tr

Aşgabatda 4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň duşuşygy geçirildi. Bu gepleşikler Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň öňisyrasynda geçirilip, onda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jewdet Ýylmaz döwlet Baştutanyna we türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi we Ankaranyň Aşgabat bilen köpugurly dialogy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Öz gezeginde, Serdar Berdimuhamedow türk wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar öňdebaryjy tehnologiýalary we iň soňky ylmy gazanylanlary önümçiligiň esasy pudaklaryna ornaşdyrmak meselelerini jikme-jik maslahatlaşdylar. Bu ýerde gürrüň senagat pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada gidýär, sebäbi bu ugurda türk işewürligi däp bolan ýokary hünär başarnygyna eýedir, Türkmenistan bolsa senagat ösüşi üçin giň gerimli meýdança hökmünde çykyş edýär.

Söhbetdeşler institusional mehanizmleriň netijeliligine üns berdiler. Hökümetara toparyň, bilelikdäki işewürlik geňeşiniň we yzygiderli geçirilýän ýöriteleşdirilen sergileriň iki ýurduň işewürliginiň isleglerine jogap berýän bitewi ulgam hökmünde işlemelidigi bellenildi. Energetika ulgamyndaky başlangyçlary utgaşdyrmak, ulag-logistika geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak we özara haryt dolanyşygyny artdyrmak hut şu platformalar arkaly meýilleşdirilýär.

Senagat we ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, Aşgabat we Ankara ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky meýillerini tassykladylar. Bilim, ylym, tehnika we medeni alyş-çalyş ulgamyndaky maksatnamalar yzygiderli goldaw alar, sebäbi döwletleriň uzak möhletleýin gatnaşyklaryny köp babatda hut intellektual hyzmatdaşlyk kesgitleýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026