HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi

Iýun 03, 2026 | 14:00 |3397
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Pariž şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi guradyTürkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Pariž şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi gurady
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan hödürlenen

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Pariž şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi gurady. Sport we ekologiýa maksatly çärä diplomatlar we olaryň maşgala agzalary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Parižiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen we fransuz talyplary gatnaşdylar.

велопробег в Париже 1

Welosipedli ýörişiň ugry Eýfel diňiniň eteginde ýerleşýän Mars meýdanyndan başlap, Fransiýanyň paýtagtynyň taryhy köçeleriniň üsti bilen dowam etdi. Gatnaşyjylar şäheriň esasy gözel ýerleriniň, şol sanda Bir-Hakeým köprüsiniň, Trokadero baglarynyň, Alma meýdançasynyň we Harby mekdebiň çäginden geçdiler. Ýörişiň dowamynda türgenleriň öňünde Gran-Pale we Pti-Pale köşkleriniň ajaýyp görnüşleri, şeýle hem Maýyplar öýüniň binasynyň görnüşi açyldy. Bu çäre sportuň, daşky gurşawy goramagyň we Parižiň baý medeni mirasynyň sazlaşygyny özünde jemledi.

велопробег в Париже

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Bütindünýä welosiped gününiň 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hut Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilendigini ýatlatdy. Bu baýram hemmeler üçin elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipedi wagyz etmäge gönükdirilendir. Ilçi her ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda giň gerimli welosipedli ýörişiň geçirilýändigini, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem bu asylly däbi goldap, dostluk we sagdyn durmuş ýörelgeleri töwereginde adamlary birleşdirýändigini nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026