HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň küştçileri Gazagystanda intensiw okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşdylar

Iýun 02, 2026 | 17:31 |5685
18-nji maýdan 2-nji iýuna çenli Türkmenistanyň milli küşt ýygyndysy Gazagystanyň Kokşetau şäherinde geçirilýän intensiw okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşýar18-nji maýdan 2-nji iýuna çenli Türkmenistanyň milli küşt ýygyndysy Gazagystanyň Kokşetau şäherinde geçirilýän intensiw okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşýar
Çeşme: TKF

18-nji maýdan 2-nji iýuna çenli Türkmenistanyň milli küşt ýygyndysy Gazagystanyň Kokşetau şäherinde geçirilýän intensiw okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşýar. Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň çakylygy boýunça topar häzirki zaman Küşt öýüniň binýadynda türgenleşýär. Bu ýerde türgenleriň taýýarlygy we dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredilendir.

Bu ýygnanyşyklaryň esasy maksady türkmen grossmeýsterlerini sentýabr aýynda Samarkant şäherinde geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlamakdan ybaratdyr. Türgenleşik işleri tejribeli halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.

члены сборной команды Туркменистана на сборах в Кокшетау

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş sekretary Mergen Kakabaýewiň habar bermegine görä, okuwlar örän dartgynly tertipde geçirilýär we günde 6–7 sagat dowam edýär. Tälimçi topara pozision küşt oýnunyň inçe syrlaryny, dogry strategik pikirlenmegi hem-de toparlaýyn oýnuň psihologik taraplaryny öwredýär. Ýygyndy Aşgabada dolanandan soň hem hyzmatdaşlyk goşmaça onlaýn sapaklaryň üsti bilen dowam etdiriler.

Türgenleşikler tamamlanandan dessine, 3–11-nji iýun aralygynda türkmen küştçileri Aktobe şäherine ugrap, «Wladimir Dworkowiçiň Memorialy – Aktobe Open 2026» iri halkara ýaryşyna gatnaşarlar.

Bu ýaryşa 21 ýurtdan gatnaşyjylar, şol sanda 23 grossmeýster gatnaşar. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 100 müň ABŞ dollaryna deň bolup, bu bolsa örän ýokary derejeli bäsdeşligi üpjün eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

22:30 Awgust 27, 2026
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026