HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow we Kristofer Landau Waşingtonda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ädimlerini bellediler

Maý 29, 2026 | 21:36 |5722
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, 27-nji maýda Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen gepleşikleri geçirdiTürkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, 27-nji maýda Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen gepleşikleri geçirdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, 27-nji maýda Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn seljerme berdiler we syýasy, söwda-ykdysady, bilim hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň uzak möhletleýin geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler geçen ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda «C5+1» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine täze itergi beren ikitaraplaýyn duşuşygyň taryhy ähmiýetini uly kanagatlanma bilen bellediler.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we maýa goýum gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga aýratyn üns berdiler. Bu nukdaýnazardan, taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň möhüm amaly netijelerine ýokary baha berdiler. Şol saparyň dowamynda amerikan iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna Aşgabadyň giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygy barada mälim edilipdi.

ABŞ–Türkmenistan işewürlik geňeşiniň abraýly wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyryljak saparyna taýýarlyk bu ylalaşyklaryň logiki dowamy bolar. Mundan başga-da, Raşid Meredow we Kristofer Landau Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli we ynanyşmak dialogyny dowam etdirmäge doly ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026