HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Wan I BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaşgäre bildirilýän talaplary mälim etdi

Maý 28, 2026 | 19:00 |2085
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HHR-iň daşary işler ministri Wan I 26-njy maýda Hytaýyň adyndan çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine dalaşgäre bildirilýän talaplary mälim etdi.

Hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “BMG-niň Düzgünnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini goramak hem-de BMG-niň merkezi orny eýeleýän halkara ulgamyny berkitmek” atly ýokary derejeli mejlisine ýolbaşçylyk edeninden soň, indiki Baş sekretaryň BMG-niň geljekki özgertmelerine we agza döwletleriň bähbitlerine uly täsir ýetirjekdigini aýtdy.

“Hytaýyň pikirine görä, indiki Baş sekretar iň bolmanda şu talaplara laýyk gelmelidir. Birinjiden, ol BMG-niň Düzgünnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk eýermelidir. Ikinjiden, esasy konstitusion ýörelgelere we syýasy tejribä daýanmalydyr, şeýle hem ýokary utgaşdyryş başarnygyna eýe bolmalydyr. Üçünjiden, möhüm meseleleriň çözgüdinde netijeli hereket etmeli, aýratyn-da ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerine we isleglerine üns bermelidir. Dördünjiden, BMG-niň özgertmeler syýasatyny dogry ugurda alyp barmaly we guramanyň işiniň hilini hem-de netijeliligini üpjün etmelidir” diýip, Wan I aýtdy.

“Ýokarda aýdylanlary şeýle jemläp bolar: indiki Baş sekretar BMG-niň Düzgünnamasyna ygrarly, ýokary başarnykly, halal we bitarap bolmaly, şeýle hem jogapkärçiligi öz üstüne alyp, anyk netijeleri gazanmaga taýýar bolmalydyr. Hytaý beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň täze ýolbaşçysyny saýlamak işine jogapkärçilikli çemeleşýär” diýip, HHR-iň daşary işler ministri belledi.

Wan I wezipesinden gidýän BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişe minnetdarlyk bildirdi. Ol bu wezipäni takmynan 10 ýyl bäri alyp bardy.

“Şol döwrüň dowamynda ol köp taraplaýyn hyzmatdaşlygyň işine özüni bagyşlady we BMG-niň abraýyny ýokarlandyrmak, parahatçylygy goramak hem-de adalaty goldamak ugrunda tagalla etdi” diýip, hytaýly ministr aýtdy. Wan I onuň tagallalarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha alandygy barada hem goşmaça belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026