HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurban baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Maý 29, 2026 | 18:28 |3590
Türkmenistanda ähli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow baýram namazyny okamak üçin sebitiň iň iri metjitleriniň biri bolan Gypjakdaky Türkmenbaşy Ruhy metjidine geldiTürkmenistanda ähli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow baýram namazyny okamak üçin sebitiň iň iri metjitleriniň biri bolan Gypjakdaky Türkmenbaşy Ruhy metjidine geldi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda ähli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow baýram namazyny okamak üçin sebitiň iň iri metjitleriniň biri bolan Gypjakdaky Türkmenbaşy Ruhy metjidine geldi.

Bilelikdäki namaza Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyrsahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, şeýle hem ýurtda akreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Namaz tamamlanandan soň, Hajy Arkadagymyz daşary ýurtly diplomatlar we ýaşulular bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aram tapan ýerine baryp gördi. Ol ýerde milli däp-dessurlara we yslam dininiň kadalaryna laýyklykda, Mukaddes Gurhandan aýat okaldy.

Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga beriljek, birbada otuz müň adama namaz okamaga mümkinçilik berýän täze ajaýyp metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň gurluşyk depginleri, içki ulgamlaryň çyzgylary, mermer örtükleriniň nusgalary, namazlyklar hem-de diwarlary we mähraby bezemek üçin niýetlenen ýazgylarynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň goşny we dostlukly döwletlerden getirilýän ýokary hilli serişdeleriň ulanylyp gurulýandygyny, munuň bolsa hoşniýetli goşnulyk gatnaşyklarynyň pugtalygynyň nyşanydygyny aýratyn belledi. Daşary ýurtly ilçiler bilen bolan söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň ruhy galkynyşynyň taryhyna gysgaça nazar salyp, Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji belli metjitleriniň, şol sanda «Şehitler» we Ärtogrul Gazy metjitleriniň gurluşygyny belläp geçdi.

Şol gün «Märkaw» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýaşulularynyň we diplomatik korpusyň wekilleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk gurbanlyk sadakasy berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz bitarap Türkmenistanda dini we milli däp-dessurlary aýawly saklamak üçin ähli şertleriň döredilendigini, häzirki wagtda 3 müňe golaý türkmen zyýaratçysynyň Mekgedäki mukaddes Käbä zyýarat edip, haj parzyny amala aşyrmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Daşary ýurtly diplomatlar bu mukaddes baýramy türkmen halky bilen bilelikde bellemegiň özleri üçin uly mertebedigini aýdyp, ýurduň şäher gurluşyk we ruhy taslamalarynyň gerimine haýran galýandyklaryny bellediler. Nahardan soň aýat okalyp, doga-dilegler edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026
Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

17:05 Iýun 18, 2026
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026