HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Hytaý Halk Respublikasynyň Dostluk ordenini gowşurdy

Maý 27, 2026 | 17:50 |2040
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 25-nji maýda agşam Pekindäki Halk maslahatlary köşgünde geçirilen dabaraly çärede Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Hytaý Halk Respublikasynyň Dostluk ordenini gowşurdy.

Dabarada Hytaýyň Lideri Prezident Aleksandr Wuçiçiň uzak wagtlap hytaý-serb dostlugyny berkitmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarly bolup gelýändigini belledi. Ol Serbiýanyň Prezidentini Hytaý bilen Serbiýanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy we berk tarapdary diýip atlandyrdy.

Si Szinpin Hytaýyň düýpli bähbitlerine we möhüm meselelerine degişli soraglarda Prezident Aleksandr Wuçiçiň elmydama Hytaýa iň kesgitleýji we ikuçly bolmadyk goldawy berendigini hem-de hytaý halkynyň hormatyny gazandygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Hytaý bilen Serbiýanyň arasyndaky syýasy özara ynam sarsmazlygyna galýar, amaly hyzmatdaşlyk ajaýyp netijeleri berýär, ebedi hytaý-serb dostlugy bolsa iki halkyň hem aňynda berk ornaşdy. Iki ýurt hem dostlukly hyzmatdaşlygyň nusgawy mysaly bolup durýan taslamalary yzygider durmuşa geçirdiler.

Hytaýyň Lideri Dostluk ordeniniň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary ýurt raýatlaryna berýän iň ýokary hormatly sylagydygyny nygtady. Bu orden diňe bir Prezident Aleksandr Wuçiçiň hytaý-serb dostlugy üçin bitiren uly hyzmatlarynyň ykrarnamasy bolman, eýsem, iki halkyň täze eýýamda hytaý-serb bitewi ykbal bileleşigini gurmaga bolan güýçli isleginiň beýanydyr.

Si Szinpin wagtyň synagyndan geçen hytaý-serb dostlugynyň dünýädäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň şertlerinde has-da gymmatlydygyny tassyklady. Hytaý we serb halklarynyň garaşsyzlyk we özbaşdaklyk ýolunda berk durýandyklaryna, milli mertebesini tutanýerlilik bilen goraýandyklaryna, halkara adalatlylygy we bitaraplygy goraýandyklaryna hem-de öz ösüş we galkynyş ýollarynda hökman täze ýeňişler gazanjakdyklaryna ynanýandygyny belledi.

Aleksandr Wuçiç Dostluk ordeniniň gowşurylandygy üçin Hytaýa minnetdarlyk bildirip, bu medaly Serbiýanyň we serb halkynyň adyndan kabul edýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ordeni almak durmuşyndaky iň möhüm pursatlaryň biridir. Serb Lideri bu ordeniň diňe bir özi üçin iň ýokary sylag bolman, eýsem Serbiýanyň özygtyýarlylyga, garaşsyzlyga we ösüşe bolan ymtylyşynyň ykrarnamasydygyny hem tassyklady.

Kiçi ýurtlara elmydama hormat goýýan Hytaýyň kyn pursatlarda serb halkyny hemişe goldandygyny we Serbiýanyň ösüşine ýardam berendigini Aleksandr Wuçiç belläp geçdi. Ol Serbiýanyň Hytaýyň goldawyny we kömegini hiç wagt ýatdan çykarmajakdygyny aýdyp, serb-hytaý dostlugyny has-da berkitmek ugrunda we Hytaý bilen bilelikde serb-hytaý bitewi ykbal bileleşigini gurmagyň üstünde işlejekdigini tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026