HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Guterriş ählumumy ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde görkezýän liderligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Maý 29, 2026 | 18:11 |10267
Milletler bileleşiginiň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy boldyMilletler bileleşiginiň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy boldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Milletler bileleşiginiň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Taraplaryň üns merkezinde Aşgabadyň we BMG-niň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şeýle hem ählumumy we sebit gün tertibiniň has möhüm meseleleri boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň 20-nji maýynda Aşgabadyň başlangyjy kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kararnamasynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Antoniu Guterreş bu resminama ýokary baha berip, onuň häzirki zaman geosyýasy ýagdaýlarynyň çäklerinde örän wagtynda kabul edilendigini nygtady we bu ugurdaky liderligi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

antonio-guterres-rashid-meredov-un-meeting (1).jpg

Gepleşikleriň aýratyn mazmunly bölegi, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek boýunça amaly ädimleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak boldy. Taraplar şeýle halkara derejeli bilim merkeziniň döredilmeginiň ýaşlaryň arasynda öňüni alyş diplomatiýasynyň gymmatlyklaryny wagyz etmekde we ählumumy medeniýetara dialogy giňeltmekde uly itergi boljakdygyna bilelikde ynam bildirdiler.

Duşuşygyň çäklerinde Raşid Meredow halkara ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet Baştutanynyň döredijilikli başlangyçlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady. Bu nukdaýnazardan, taraplar Aşgabadyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek we BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek ýaly strategik teklipleriniň üstünde jikme-jik durup geçdiler.

antonio-guterres-rashid-meredov-un-meeting (2).jpg

Söhbetdeşler, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli işine ýokary baha berdiler we sebitiň giňişliginde Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki tagallalary diwersifikasiýa etmäge özara maksatlaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026