HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSGG Türkmenistanda biologik barlaghanalaryň howpsuzlygyny berkitmäge ýardam berdi

Maý 27, 2026 | 17:18 |6408
Aşgabatda ýurdumyzyň öňdebaryjy lukmançylyk we weterinariýa barlaghanalarynyň, şol sanda Milli dümew merkeziniň hünärmenleri üçin geçirilen giň gerimli bäş günlük okuw tamamlandyAşgabatda ýurdumyzyň öňdebaryjy lukmançylyk we weterinariýa barlaghanalarynyň, şol sanda Milli dümew merkeziniň hünärmenleri üçin geçirilen giň gerimli bäş günlük okuw tamamlandy
Çeşme: BSGG

Aşgabatda ýurdumyzyň öňdebaryjy lukmançylyk we weterinariýa barlaghanalarynyň, şol sanda Milli dümew merkeziniň hünärmenleri üçin geçirilen giň gerimli bäş günlük okuw tamamlandy. BSGG-niň goldawy bilen guralan çäräniň esasy maksady ilaty mümkin bolan pandemiýalardan we biologik howplardan goramak boldy.

Seminaryň dowamynda halkara bilermenler türkmen hünärmenlerine howply biologik materiallary dünýäniň berk standartlaryna laýyklykda howpsuz daşamagyň düzgünlerini öwretdiler. Indi Türkmenistanda bu ugurdaky işlere gözegçilik edip biljek hem-de materiallaryň halkara derejede iberilmegini utgaşdyryp biljek sertifikatlaşdyrylan tälimçileriň milli ätiýaçlygy dörediler.

Gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda hereketler meýilnamalaryny taýýarlamaga aýratyn üns berdiler. Lukmanlar we weterinarlar krizis ýagdaýlarynda gyssagly çäre görmek, jogapkärçilikleri paýlamak hem-de howply keselleriň ýaýramagy döwründe barlaghanalaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky amaly tejribelerini täjik hünärmenleri hem paýlaşdylar.

Okuwy BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasy we ýurt boýunça ofisleriniň öňdebaryjy bilermenleri alyp bardylar. Maksatnama tamamlanandan soň türkmen hünärmenleri jemleýji synagdan üstünlikli geçip, howply lukmançylyk ýüklerini ibermäge ygtyýarly resmi iberijiler hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän halkara şahadatnamalary aldylar.

Bu başlangyç Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrar. Barlaghanalaryň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy howplary has çalt ýüze çykarmaga mümkinçilik berer we raýatlaryň saglygyny dünýäniň iň oňat tejribelerine laýyklykda goramaga hyzmat eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

22:30 Awgust 27, 2026
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026