HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdylar

Maý 29, 2026 | 18:04 |3434
Milletler Bileleşiginiň ştab-kwartirasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy maýda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili (UNOHRLLS) Rabab Fatima bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiMilletler Bileleşiginiň ştab-kwartirasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy maýda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili (UNOHRLLS) Rabab Fatima bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Milletler Bileleşiginiň ştab-kwartirasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy maýda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili (UNOHRLLS) Rabab Fatima bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Ýokary wekiline Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Dostlar toparynyň bilelikdäki başlygy hökmünde, bu döwletler toparynyň ykdysady we logistika bähbitleriniň ilerledilmegine, olaryň halkara goldawynyň giňeldilmegine hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň amaly gurallar bilen baýlaşdyrylmagyna mundan beýläk-de işjeň ýardam bermegi maksat edinýändigi aýratyn nygtaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

27052026-rashid-meredov-rabab-fatima-unohrlls-meeting-avaza-programme (2).jpg

Taraplar gepleşikleriň dowamynda esasy ünsüni 2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirdiler. Bu resminamalar deňze çykalgasy bolmadyk 32 sany ösüp barýan ýurduň ösüş maksatnamalaryny goldamak boýunça ählumumy borçnamalaryň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşidir.

Diplomatlar bu esas goýujy resminamalary ýerine ýetirmegiň amaly halkara gurallaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar we howa gün tertibi, durnukly energetika, suw diplomatiýasy, ulag ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de aýlawly ykdysadyýete geçmek ýaly esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin UNOHRLLS-iň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi we Aşgabadyň bilelikdäki taslama işlerini mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026