HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halysynyň baýramy, welosiped ýörişleri we Azerbaýjanyň Medeniýet günleri ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň maksatnamasynda

Maý 25, 2026 | 02:39 |7405
Anna güni, 22-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow milli we halkara senenamasynyň möhüm senelerine bagyşlanan medeni hem-de sport çäreleriniň meýilnamasyna garadyAnna güni, 22-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow milli we halkara senenamasynyň möhüm senelerine bagyşlanan medeni hem-de sport çäreleriniň meýilnamasyna garady
Çeşme: orient.tm

Anna güni, 22-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow milli we halkara senenamasynyň möhüm senelerine bagyşlanan medeni hem-de sport çäreleriniň meýilnamasyna garady.

Maý aýynyň ahyrynyň we tomsuň öňüsyrasynyň esasy wakasy Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralar bolar. Aşgabatda uly göwrümli ýöriteleşdirilen sergi guralar, şeýle-de dünýäniň onlarça ýurdundan belli alymlary, bilermenleri we halyçylyk işi bilen meşgullanýan wekilleri paýtagtymyza ýygnajak Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçiriler.

Baýramyň ylmy bölegi tematiki maslahatlar bilen baýlaşdyrylar. Dabaralaryň iň möhüm pursady bolsa Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» atly döwlet sylagynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy bolar.

Haly forumyndan soň paýtagtymyzda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäreleri giň gerim alar. Baýramçylyk marafony eýýäm 30-njy maýda ähli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde tematiki welosiped yaryşlary, sport bäsleşikleri hem-de ylmy-amaly maslahatlar bilen başlar. 3-nji iýunda bolsa baýramyň esasy wakasy hökmünde paýtagtymyzyň şaýollarynda däp bolan welosiped ýörişi geçiriler.

Iýun aýynyň medeni maksatnamasy ýokary derejeli diplomatik we döredijilik çäreleri bilen tapawutlanar. Paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, birnäçe halkara ders olimpiadalary we sergiler geçiriler.

Ýurdumyzyň döredijilik çäreleri ähli welaýatlary öz içine alar: Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda “Çalsana, bagşy!” atly abraýly bäsleşigiň jemleýji tapgyrlary geçiriler. Balkan welaýatynda bolsa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli däp bolan Medeniýet hepdeligi guralar.

Çäreleriň senenamasynda “akylly” Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli dabaralara hem aýratyn orun berler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her bir çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyryp, olaryň sagdyn durmuş ýörelgesini hem-de halkymyzyň baý medeni mirasyny wagyz etmekdäki ähmiýetini aýratyn nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026