HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmennebit" DK enjamlary satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

Maý 25, 2026 | 02:53 |6090
«Türkmennebit» DK tender komissiýasynyň adyndan «Türkmennebit» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №-164/1 halkara açyk tenderi täzeden yglan edýär«Türkmennebit» DK tender komissiýasynyň adyndan «Türkmennebit» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №-164/1 halkara açyk tenderi täzeden yglan edýär
Çeşme: tmgeology.gov

«Türkmennebit» DK tender komissiýasynyň adyndan «Türkmennebit» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №-164/1 halkara açyk tenderi täzeden yglan edýär.

Arzalar 2026-njy ýylyň 16-njy maýyndan 2-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Tender aşakdaky lot boýunça geçirilýär:

Lot № 2 – «Umumy zawod, tehnologik we buraw enjamlary»

Tendere gatnaşmaga diňe harydy öndüriji bolup durýan gatnaşyjylar (tender resminamalarynda bellenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) goýberilýär.

Arzalary tabşyrmak üçin salgy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK.

Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär.

Gatnaşyjylar:

– Türkmenistanyň tenderler hakyndaky Kanun bilen tanyşmaly;

– Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

– Tendere gatnaşmak üçin lota 575 ABŞ dollary möçberinde (salgyt bilen) ýa-da manatda ekwiwalent görnüşinde töleg geçirmek üçin hasap-fakturany almaly.

Teklipleri tabşyrmagyň möhleti - Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tenderiň bildirişi resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 12:00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça arza bilen ýüzleneniňizde berler.

Bir sany möhür bilen tassyklanan, doly tender teklibi bolan bukja, bildiriş çap edilen gününden başlap, ýokarda görkezilen salga tabşyrylmaly we serişdeler hasaba gelip gowuşanyndan soň seretmäge kabul ediler. Bukjada hökmany suratda ankanyň elektron görnüşi (Word formatynda), şertnamanyň esasy şertleri we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) bolmaly.

Telefon belgileri: 40-39-24 (faks), 40-39-93, 40-31-67, 40-31-82, 40-31-81

Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026