Habarlar

Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldyAşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Türkmenistanda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan, şeýle-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Aşgabatda Türkmenistanyň Çagalar gaznasy tarapyndan çagalar üçin baýramçylyk çäresi guraldyAşgabatda Türkmenistanyň Çagalar gaznasy tarapyndan çagalar üçin baýramçylyk çäresi guraldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Çagalar gaznasy tarapyndan çagalar üçin baýramçylyk çäresi guraldy

Penşenbe güni paýtagtymyzdaky “Aşgabat” seýilgähi ýöriteleşdirilen we kömekçi mekdep-internatlarynda, birnäçe mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we köp çagaly maşgalalarda terbiýelenýän çagalar üçin uly baýramçylyk meýdançasyna öwrüldi. Şowhunly çäre her ýyl 1-nji iýunda bütin dünýäde bellenip geçilýän Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy. Aşgabadyň ýaşajyk ýaşaýjylary üçin bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň işgärleri guradylar.