Habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dokma pudagynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldyPrezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dokma pudagynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dokma pudagynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halyçy gelin-gyzlarynyň 11-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Daşkentde şaý-sep önümleriniň ilkinji halkara sergisi geçirilýärDaşkentde şaý-sep önümleriniň ilkinji halkara sergisi geçirilýär

Daşkentde şaý-sep önümleriniň ilkinji halkara sergisi geçirilýär

27-28-nji maýda Daşkentde Uzbek Jewellery Fair-2023 häzirki zaman enjamlarynyň, tehnologiýalaryň we şaý-sepleriň ilkinji Halkara sergi-satuwy geçirilýär. Bu sergä özbek we öňdebaryjy dünýä şaý-seplerini öndürijiler, lomaý we bölek söwdanyň wekilleri, Italiýa, Saud Arabystany we Türkiýe ýaly 10-dan gowrak ýurtdan şaý-sep önümleriniň importy we eksporty bilen meşgullanýan logistika kompaniýalary gatnaşýar.