

Seýdi şäherinde geçirilen seminarda bagbançylyk, ýyladyşhana ekerançylygy we suwarymly oba hojalygy pudagynda innowasion çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde synag sebtinde ýer we suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak üçin usullary we tehnologiýalary ulanmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi we biodürlüligi gorap saklamak şertlerinde ýerden peýdalanmagy meýilleşdirmek arkaly alternatiw girdeji çeşmelerini almak boýunça seminar geçirildi.



















