Habarlar

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi

“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti demir ýol ulagynda Russiaýdan Türkmenistana gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy. Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny we onuň ýanaşyk ýerlerini hem-de şäheriň ýene bir meýdançasyny granit daşlary we bezeg serişdeleri bilen abadanlaşdyrmak boýunça degişli gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmaty “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu barada “Logistics.ru” neşiri habar berýär.

Türkmenistanly talyp garyşyk söweş sungaty boýunça Ukrainanyň Harkow oblastynyň çempiony boldyTürkmenistanly talyp garyşyk söweş sungaty boýunça Ukrainanyň Harkow oblastynyň çempiony boldy

Türkmenistanly talyp garyşyk söweş sungaty boýunça Ukrainanyň Harkow oblastynyň çempiony boldy

Ukrainanyň Harkow şäherinde garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça oblast birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. 19 – 40 ýaş aralygyndaky türgenleriň gatnaşan ýaryşynda 93 kilogram agram derejesinde Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmenistanly talyp Babageldi Halimow birinji orna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.

“Demirýollary” AGPJ halkara gatnaw ugurlarynda ýokary hilli ýük ýüklemek–düşürmek hyzmatlaryny hödürleýär“Demirýollary” AGPJ halkara gatnaw ugurlarynda ýokary hilli ýük ýüklemek–düşürmek hyzmatlaryny hödürleýär

“Demirýollary” AGPJ halkara gatnaw ugurlarynda ýokary hilli ýük ýüklemek–düşürmek hyzmatlaryny hödürleýär

“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük stansiýalary halkara gatnaw ugurlarynda import-eksport we tranzit ýükleri üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. Menziller tarapyndan amala aşyrylýan täze hyzmatlar ulag amallarynyň möçberlerini artdyrmak we söwdany ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Azerbaýjandaky Ýanardag Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawyna girizildiAzerbaýjandaky Ýanardag Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawyna girizildi

Azerbaýjandaky Ýanardag Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawyna girizildi

Degişli çözgüde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawynyň “Binagärlik ýadygärlikleri” bölümine “Ýanardag” döwlet taryhy-medeni we tebigy goraghanasy hem-de XVII-XVIII asyrara degişli Muhammedli obasyndaky Alidaşy mukaddes ýeri girizildi.

Dünýä sportunyň ösüşinde täze eýýäm başlanýarDünýä sportunyň ösüşinde täze eýýäm başlanýar

Dünýä sportunyň ösüşinde täze eýýäm başlanýar

Bilermenler Russiýada 2024-nji ýylyň 21-nji fewralyndan 3-nji marty aralygynda geçirilýän çärä şeýle baha berdiler. Dünýä sportynyň taryhynda ilkinji gezek Kazanda «Geljegiň oýunlary» atly köpugurly halkara sport ýaryşy geçirilýär. Täze görnüşli oýunlar Eýrandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Yslam dünýäsiniň beýleki ýurtlaryndan dünýäniň iň güýçli türgenlerini bir ýere jemledi. Ýaryşa 107 ýurda wekilçilik edýän 277 topardan jemi 2000-den gowrak türgen gatnaşýar.