

Türkmen telekeçileri “Hytaý-Ýewraziýa” halkara sergisine çagyrylýar
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy iýunynda HHR-niň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa” 8-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.


Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy iýunynda HHR-niň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý-Ýewraziýa” 8-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.


30-njy maýda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy $30 456 bolan bir geleşik hasaba alyndy.


Daşkentdäki Merkezi Aziýa halkara institutynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň direktory Şiri Şiriýew bilen duşuşyk boldy diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.


2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.


Tehniki ösüş biziň durmuşymyzy amatly edýär, dürli innowasiýalary döredýän höwesjeňler toparlary-startaplar bolsa tehniki ösüşiň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar.


Aşgabatda Türkmenistanda çagalara we ýetginjeklere ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegini bermek boýunça ýan gollanmany ulanmak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny halkara geňeşçi Olena Starits geçirdi.


Özbegistanda ilatyň Bitewi elektron sanawyny girizmek meýilleşdirilýär, diýip Özbegistanyň milli habarlar agentligi habar berýär.


Döwletleriň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar olaryň ykdysady ösüşinde möhüm faktor bolup durýar. Söwda geňeşçisi bilen geçirilen söhbetdeşlik bu gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olaryň ösüşiniň geljegi barada möhüm maglumatlary berip bilýär. Bu günki söhbetdeşimiz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Söwda geňeşçisi Senýor Leo Karmelo bolup, ol söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi barada bize gürrüň berer we eksport işini başlamak üçin telekeçilere käbir maslahatlary berer.


2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler. Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.


Aşgabat – Awaza ugry boýunça täze awtobus gatnawynyň petekleri satuwa çykdy.


2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Rim şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky ministrler konferensiýasy geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.


Çarşenbe güni, 29-njy maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda «KO-20» kysymly yşyklandyryjy kerosin ýerlenildi.


2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-nyň Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine iş saparyny amala aşyrdy


Sişenbe güni, 28-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda “TPP D 30 S” kysymly polipropilen ýerlenildi.


Hytaý we Merkezi Aziýanyň 5 ýurdy Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň gurallaryny döretmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmegi meýilleşdirýärler.