Habarlar

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdiTürkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdi

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meýilnamalar barada gürrüň berdi

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok iki ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň berdi. Türkiýede Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli 16-njy aprelde Aşgabatdaky Türk medeniýet merkezinde fotosergi görnüşinde guralan kabul edişlikde çykyş edip, ilçi türkmenistanlylaryň Türkiýä syýahat etmäge gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belledi.

Amerikan-Türkmen akappella konsertleri Daşoguzda we Aşgabatda diňleýjilerini begendirdiAmerikan-Türkmen akappella konsertleri Daşoguzda we Aşgabatda diňleýjilerini begendirdi

Amerikan-Türkmen akappella konsertleri Daşoguzda we Aşgabatda diňleýjilerini begendirdi

14-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hyjuwly heňler ýaňlandy. Teatrda "Pipeline Vocal Project" amerikan toparynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň bilelikdäki akapella konserti geçirildi. Mundan öň, Amerikaly topar Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz şäherinde çykyş etdi. Bu çykyşlar ABŞ-nyň Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.