HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Ýaponiýa-Bütindünýä gümrük guramasy Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady

Iýul 22, 2024 | 09:43 |9733
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Kerim Ahmedow Ýaponiýa-Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) 10 aýlyk Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Kerim Ahmedow Ýaponiýa-Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) 10 aýlyk Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Kerim Ahmedow Ýaponiýa-Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) 10 aýlyk Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan bu Maksatnama ilkinji gezek gatnaşdy.

2023-nji ýylyň senýabrynda başlan 2023-2024-nji ýyllar üçin Käri ösdürmek maksatnamasynyň çäginde on aýyň dowamynda Kerim Ahmedow BGG-nyň Sekretariatynyň Mümkinçilikleri ösdürmek bölüminde işläp, gümrük işi boýunça ylmy barlag işini ýerine ýetirdi we onuň netijesini BGG-nyň ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetirdi. Maksatnamanyň tamamlanmagy mynasybetli BGG-nyň Baş sekretary Ýan Sonders türkmen wekiline güwänamany gowşurdy.

Käri ösdürmek maksatnamasyna Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan 2009-njy ýylda badalga berildi. Bu Maksatnama Ýaponiýanyň Gümrük gullugy bilen bilelikde amala aşyrylýar we onuň çäginde ýylda 10 sany dalaşgär Bütindünýä gümrük guramasynyň Sekretariatynda işlemäge hem-de gümrük işi babatynda bilimini artdyrmaga we bu ugurda halkara tejribesini gazanmaga mümkinçilik alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026