Habarlar

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmakHalkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

17-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi

Türkmenistan ählumumy energetika bazarynyň öňdebaryjylaryny özüne çekýärTürkmenistan ählumumy energetika bazarynyň öňdebaryjylaryny özüne çekýär

Türkmenistan ählumumy energetika bazarynyň öňdebaryjylaryny özüne çekýär

Bu esasy ugur Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wise-prezidenti Dipeş Meazurýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Malaýziýanyň "Petronas Çarigali Sdn. Bhd." kompaniýasynyň wekilleriniň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň esasy temasyna öwrüldi. Bu halkara energiýa ägirtleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyk "Türkmennebit" döwlet konserniniň ýolbaşçylary tarapyndan geçirildi

Täjigistan GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny hödürlärTäjigistan GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny hödürlär

Täjigistan GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny hödürlär

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetinde Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk etmeginde Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda agza döwletleriň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň şu ýylky ilkinji mejlisi geçiriler. Mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew we Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça Müdirliginiň başlygy, Täjigistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy boýunça milli utgaşdyryjysy Ahmat Saidmurodzoda gatnaşar

«Meniň pikirlerim we oýlap tapmalarym» atly ussatlyk sapagy uly üstünlik bilen geçirildi!«Meniň pikirlerim we oýlap tapmalarym» atly ussatlyk sapagy uly üstünlik bilen geçirildi!

«Meniň pikirlerim we oýlap tapmalarym» atly ussatlyk sapagy uly üstünlik bilen geçirildi!

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan çagalaryň oýlap tapmalar Gününiň hormatyna döredijilik we ylham bilen baglanyşykly gyzykly tälim geçirildi. Bu çärä 7 ýaşdan uly çagalar we olaryň ene-atalary gatnaşdy. Gatnaşyjylar hyýallaryny işe girizip, öz elleri bilen täsin we özboluşly önümleri döretmek mümkinçiligine eýe boldular. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär