HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 16, 2025 | 13:05 |4126
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet işleri boýunça (ÝUNESKO) edarasynyň direktory hem-de BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň wekili jenap Eliot Minçenberg bilen duşuşyk geçirdi.Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet işleri boýunça (ÝUNESKO) edarasynyň direktory hem-de BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň wekili jenap Eliot Minçenberg bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet işleri boýunça (ÝUNESKO) edarasynyň direktory hem-de BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň wekili jenap Eliot Minçenberg bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda guralan “Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogy” atly Ikinji duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň bilim, ylym we medeniýet babatdaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler.

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Bilim ulgamyndaky maglumat tehnologiýalarynyň instituty ýaly ÝUNESKO-nyň edaralary bilen hyzmatdaşlyk alyp barmak bilen, öňdebaryjy halkara çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrýandygy barada aýratyn belledi. Hususan-da, bilim işiniň sanlylaşdyrylmagy, şol sanda milli sanly bilim platformasynyň işläp taýýarlanylmagy hem-de emeli aň esasyndaky häzirki zaman çözgütleriň ornaşdyrylmagy boýunça bilelikdäki işiň üstünlikli tejribesi barada bellenildi.

Minçenberg, öz nobatynda, 2023-nji ýylda gol çekilen Hereketleriň ýol kartasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamyndaky maglumat tehnologiýalarynyň instituty bilen özara gatnaşygynyň netijeliligine oňaýly baha berdi. Ol Türkmenistanyň öňdebaryjy bilim tejribeleri we tehnologiýalary alyşmaga ýardam berýän BMG-niň meýdançasyndaky başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň edarasynyň direktory durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini pugtalandyrmakda sanly tehnologiýalaryň ornuna bagyşlanan forum ýaly BMG-niň meýdançasynda ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygyndaky bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine gyzyklanma bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň bilim, ylym we medeniýet babatynda umumy maksatlaryň gazanylmagyna ýardam bermek bilen, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açyp berjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026