

Masato Kanda AÖB-iñ Prezidenti wezipesine girişdi
24-nji fewralda Masato Kanda Aziýa ösüş bankynyñ (AÖB) 11-nji Prezidenti hökmünde resmi ýagdaýda wezipesine girişdi.


24-nji fewralda Masato Kanda Aziýa ösüş bankynyñ (AÖB) 11-nji Prezidenti hökmünde resmi ýagdaýda wezipesine girişdi.


24-nji fewralda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.


Ýewropa geňeşi Eduards Stipraýsy ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze ýörite wekili edip belledi. Ol Terhi Hakalany çalşyp, 2 ýyl möhlet üçin başlangyç hukuk bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji martyna öz borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise we ýurduň ähli halkyna Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň ähli halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça ilkinji Halkara forumyna çenli bir aýdan az wagt galdy.


Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri taryhda ilkinji üçtaraplaýyn sammiti 31-nji martda Täjigistanyň Hujand şäherinde geçirerler


Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ekologiýa jemgyýetçilik guramalaryny birleşdirýän "The Caspian House"-y (Hazar Öýi) döredildi


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji fewralda gol çeken Permanyna laýyklykda Öwezgeldi Goşjanow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy we häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek häkiminiň orunbasary Myrat Nazarowyň üstüne ýüklenildi


24-nji fewralda, duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi


24-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi


Täjikistan, ýaş nesli sanly döwrüň çäksiz mümkinçiliklerine taýynlamak maksady bilen, emeli aň (EA) tehnologiýasyny bilim prosesine ornaşdyrmak üçin ädimler ädýär. EA derslerini mekdep okuw maksatnamasyna goşmak boýunça, başlangyçda ýurduň bäş mekdebini öz içine alýan bu taslama, 2025-nji ýylyň ýanwarynda, ýene bäş okuw jaýy bilen giňeldi. Olaryň her birisinde ortaça 15–20 okuwçy iň täze tehnologiýalary öwrenýär


22-nji fewralda Germaniýanyň paýtagty Berlinde «Berlinale» ady bilen tanalýan Berlin halkara kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä kinematografiýasynyň iň abraýly festiwallarynyň biri bolan bu çäre, 2025-nji ýylda täze direktor Trişa Tattlyň ýolbaşçylygynda 75 ýyllygyny belledi


Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamalasyny durmuşa geçirmek işi tamamlanyp barýar


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 27-nji fewralda ajaýyp aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň 95 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler. Konsert maksatnamasynyň öň ýanynda sahnada onuň bilen bile çykyş eden hem-de meşhur aýdymçynyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolan kärdeşleriniň çykyşlary bolar