HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 40-njy Seul Halkara syýahatçylyk ýarmarkasynda syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezýär

Iýun 05, 2025 | 15:15 |5537
Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Türkmenistanyñ Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 5-8-nji iýun aralygynda geçirilýän 40-njy Seulyñ Halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna gatnaşýarlar.Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Türkmenistanyñ Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 5-8-nji iýun aralygynda geçirilýän 40-njy Seulyñ Halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna gatnaşýarlar.
Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Türkmenistanyñ Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 5-8-nji iýuny aralygynda geçirilýän 40-njy Seul Halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyñ Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

1

Türkmenistanyň milli stendi ýurduň baý medeni mirasyny görkezýär. Onda milli el işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan kitaplar görkezilýär.

Stendiň myhmanlaryna Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we taryhy ýadygärlikleri, tebigy gözellikleri, medeni desgalary ýaly birnäçe ajaýyp ýerleri görkezilýär. Şeýle-de, myhmanlar türkmen milli tagamlaryndan we süýjilik önümlerinden dadyp gördüler.

2

Sergide Türkmenistana “Aşgabat syýahat”, “Bagtyýar dostlar”, “Hazar ugry” we “Owadan syýahat” ýaly meşhur syýahatçylyk kompaniýalary, şeýle-de başga-da birnäçe kompaniýa wekilçilik edýär.

Sergä gatnaşmak, Türkmenistanyň özüniň özboluşly medeni aýratynlygyny dünýä ýaýmak hem-de Koreýa Respublikasy bilen halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak islegini açyp görkezýär.

3

Seulyñ Halkara syýahatçylyk ýarmarkasy (SITF) — bu Koreýa Respublikasynda her ýyl geçirilýän möhüm halkara çäre bolup, dünýä ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmaga şert döredýär. Ýarmarka halkara syýahatçylygyň, medeni alyş-çalyşygyň we syýahatçylyk ugrunda işewür hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

20:52 Sentýabr 21, 2026