Habarlar

"SKYTAXI" TULM-yň gurnamagynda Daşoguz Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy"SKYTAXI" TULM-yň gurnamagynda Daşoguz Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy

"SKYTAXI" TULM-yň gurnamagynda Daşoguz Halkara howa menzilinde ilkinji tehniki gonuşy amala aşyrdy

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz Halkara howa menziline dünýäde meşhur we öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan «Skytaxi» kompaniýasynyň Boeing 767 kysymly ýük howa gämisi Hytaýyň Urumçi şäherinden gelip, tehniki gonuşy ýerine ýetirilip, Polşa döwletine ugradyldy. Bu tehniki gonuş, ýurdumyzyň Daşoguz howa menziline ilkini bolup «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda amala aşyryldy

Astrahanda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildiAstrahanda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Astrahanda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem maslahatlaşmalar guraldy