HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Inversion kompaniýasy dünýäniň islendik ýerine ýükleri birbada eltip bilýän Arc kosmos enjamy bilen tanyşdyrdy

Oktýabr 03, 2025 | 12:25 |8176
Aerokosmos tehnologiýalary we goranyş ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan Inversion kompaniýasy täze Arc atly kosmos enjamynyň işe girizilýändigini yglan etdi.Aerokosmos tehnologiýalary we goranyş ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan Inversion kompaniýasy täze Arc atly kosmos enjamynyň işe girizilýändigini yglan etdi.
Çeşme: Inversion

Aerokosmos tehnologiýalary we goranyş ulgamyndaky işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan Inversion kompaniýasy täze Arc atly kosmos enjamynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu enjam 225 kilogramma çenli ýükleri dünýäniň islendik nokadyna bir sagatdan az wagtyň içinde ýetirip bilýär, bu bolsa dünýä logistikasy üçin örän uly ýeňillik döredýär.

Arc dolandyrylýan kosmos enjamydyr. Ol pes Ýer orbitasyna çykarylandan soň bäş ýyla çenli garaşma ýagdaýynda galyp biler. Zerurlyk ýüze çykan halatynda enjam awtonom ýagdaýda orbitadan çykyp, gipertiz çäkli atmosferadan geçýär we paraşýutlaryň kömegi bilen ýumşak gondurylýar. Şeýlelikde ýük bellenilen ýere takyk eltilýär. Bu bolsa eltip bermek zolaklarynyň ep-esli giňeldilmegine mümkinçilik berýär.

Inversion kompaniýasy dünýäniň dürli sebitlerini öz içine alýan Arc enjamlarynyň ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu ulgam infrastruktura taýdan çäkli ýa-da uzakdaky ýerlere-de ygtybarly we çalt eltip bermek mümkinçiliklerini üpjün eder. Geljekde şeýle ulgam adatdan daşary ýagdaýlara we howplara çalt täsir etmek mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrar.

Mundan başga-da, Arc gipertiz synaglarynda, ylmy barlaglarda we orbital stansiýalara ýükleri eltmek we yzyna getirmek ýaly söwda maksatlarynda ulanylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026