

Şawkat Mirziýoýew: Türkmenistanyň syýasaty sebitde durnuklylygyň we ösüşiň möhüm şertidir
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumynda çykyş edip, doganlyk türkmen halkyny ýubileý bilen tüýs ýürekden gutlady. Özbegistanyň LideriTürkmenistanyň Bitaraplygynyň türkmen halkynyň ýörelgesiniň bir bölegine öwrülendigini, çuňňur taryhy däplere esaslanýandygyny we onuň filosofiýasynyň häzirki döwürde hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň işinde öz beýanyny tapandygyny we Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan täze depgin bilen durmuşa geçirilýändigini nygtady



















