HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň halkyna metjitde bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Fewral 08, 2026 | 21:05 |6007
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife gynanç hatyny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife gynanç hatyny iberdi
Çeşme: Faisal Mahmood/Reuters

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife gynanç hatyny iberdi. Yslamabat şäherinde parahat adamlaryň pida bolmagyna getiren pajyga waka Türkmenistanda hem uly gynanç bilen kabul edildi. Hatda ýurduň terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy durmaga taýýardygy nygtalýar.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen partlama zerarly iberen gynanç hatynda belleýär.

Yslamabat şäherindäki metjide janyny pida eden terrorçynyň hüjümi 6-njy fewralda bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, hüjümiň netijesinde 31 adam gurban boldy, ýene-de 169 adam ýaralandy. KHBS-iň habarlaryna görä, terrorçy juma namazyndan soň metjidiň girelgesinde partlaýjy enjamy herekete getirdi. “The News Pakistan” neşiriniň habaryna görä, terrorçylykly hüjümiň guramaçysy ýaranlary bilen bilelikde tussag edildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026