

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy 21-nji martda geçiriler
Türkmenistan tokaý zolaklaryny ulgamlaýyn täzelemek bilen bagly geçiriljek giň gerimli ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görýär. Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi




















