HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOHU-da ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmek boýunça açyk sapak geçirildi

Mart 13, 2026 | 20:05 |461
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Eksportyň esaslary: kärhanalar halkara bazarlaryna nädip çykýarlar” atly açyk sapak geçirildiS.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Eksportyň esaslary: kärhanalar halkara bazarlaryna nädip çykýarlar” atly açyk sapak geçirildi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Eksportyň esaslary: kärhanalar halkara bazarlaryna nädip çykýarlar” atly açyk sapak geçirildi.

Duşuşygy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde gurady.

Açyk sapakda satyş boýunça bilermen Azat Annadurdyýew çykyş edip, häzirki wagtda kärhanalaryň halkara bazarlaryna çykmagynyň möhüm ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol eksport işiniň esaslary, daşary ýurt bazarlaryny öwrenmegiň usullary hem-de önümleriň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolmagynyň esasy şertleri barada möhüm maglumatlary paýlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda global söwda mümkinçilikleri, eksport strategiýalaryny işläp taýýarlamagyň aýratynlyklary hem-de kärhanalaryň daşary ýurt bazarlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary barada hem durlup geçildi. Şeýle hem çykyşda eksporty ösdürmekde marketing strategiýalarynyň, bazar seljermeleriniň we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Açyk sapagyň dowamynda talyp ýaşlar çykyş edijä özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berip, eksport işini ýola goýmak we halkara bazarlarynda üstünlik gazanmak boýunça peýdaly maslahatlary aldylar. Şeýle duşuşyklaryň ýaşlaryň ykdysady bilimlerini artdyrmaga, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge we halkara ykdysady gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigi bellenildi.

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti açyk sapak

Duşuşyk ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmek, halkara söwda gatnaşyklary barada düşünjelerini giňeltmek hem-de eksport mümkinçilikleri boýunça maglumat bermek maksady bilen guraldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026