Habarlar

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlary boýunça saýlama ýaryşlary belli boldyTürkmenistanyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlary boýunça saýlama ýaryşlary belli boldy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlary boýunça saýlama ýaryşlary belli boldy

Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) Parižde geçiriljek 33-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna bilet almak üçin saýlama ýaryşlarynyň doly sanawyny yglan etdi. Bu sanaw 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan 17-nji dekabry aralygynda dünýä çempionatyndan öň Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilýän Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýörite gurultaýynda yglan edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hindistan döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylarMerkezi Aziýa ýurtlary bilen Hindistan döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hindistan döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar

Merkezi Aziýa ýurtlary we Hindistan ykdysadyýetde, söwdada we medeniýetde, şeýle hem goranmak we howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Hindistanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Ajit Dowalyň Merkezi Aziýaly kärdeşleri bilen geçiren duşuşygynyň netijesi boýunça «Ani» agentligi habar berýär.

Russiýanyň alymlary Türkmenistanyň metallurgiýa senagatyny ösdürmekligiň ýokary kuwwata eýedigini belleýärlerRussiýanyň alymlary Türkmenistanyň metallurgiýa senagatyny ösdürmekligiň ýokary kuwwata eýedigini belleýärler

Russiýanyň alymlary Türkmenistanyň metallurgiýa senagatyny ösdürmekligiň ýokary kuwwata eýedigini belleýärler

Russiýanyň Bardin adyndaky Gara metallar boýunça merkezi ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Türkmenistandan eltilen magdanlaryň seljerme işlerini tamamladylar we, şunuň bilen baglylykda, alymlar ýurduň metallurgiýa senagatyny ösdürmek üçin ýokary kuwwaty bar diýen netijä geldiler. Bu barada Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri TASS agentligine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli makalalar we suratlar bäsleşigini geçirýärTürkmenistanyň Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli makalalar we suratlar bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli makalalar we suratlar bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady ýaş nesli döredijilik işlerine çekmekden, zehinli ýazyjylary we suratçylary ýüze çykarmakdan we olary höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşige mekdep okuwçylary bilen birlikde 35 ýaşa çenli ýaşlar hem gatnaşyp bilerler.

Özbegistanda Hugo Boss brendi astynda egin-eşikleri öndürýän fabrik işe girizildiÖzbegistanda Hugo Boss brendi astynda egin-eşikleri öndürýän fabrik işe girizildi

Özbegistanda Hugo Boss brendi astynda egin-eşikleri öndürýän fabrik işe girizildi

Hugo Boss – bütindünýä meşhur brend we moda egin-eşiklerini öndüriji (Germaniýa) kompaniýasy “Fazman tekstil” özbek kärhanasy bilen bilelikde Namangan şäherinde häzirki zaman dokam fabrigini işe girizdiler. Bu ýerde kostýum-balak, şeýle hem Hugo Boss brendi astynda erkeklere, zenanlara we çagalara degişli egin-eşikleriň öndürilişini ýola goýmak meýilleşdirilýär diýip, Namangan häkimligine salgylanyp, özbek habarlar agentlikleri habar berýärler.