

Gurbanguly Berdimuhamedow Wenada ählumumy energetika howpsuzlygynyň strategiýasyny hödürledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Awstriýa amala aşyran sapary Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmagy bilen tapawutlandy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hofburg köşgündäki çykyşy forumyň esasy wakasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýä jemgyýetçiligine diňe bir jarnamalary däl, eýsem ählumumy energetika meselesini çözmek üçin anyk halkara-hukuk gurallaryny hödürledi
















