

Ilon Mask «Teslanyň» Hindistana geljegine wada berdi
Amerikan telekeçisi Ilon Mask özüniň elektromobil taslamasy «Teslanyň» Hindistana geljegine wada berdi.


Amerikan telekeçisi Ilon Mask özüniň elektromobil taslamasy «Teslanyň» Hindistana geljegine wada berdi.


Dünýäde smartfonlary öndürijileriň irileriniň biri bolan Vivo hytaý kompaniýasy Hançžouda geçiriljek 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlary üçin ykjam telefonlaryň resmi üpjün edijisi diýlip yglan edildi. Oýunlar 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda geçer.


Fransiýa emeli intellektiň ýewropa paýtagty bolmagy niýet edinýär. Bu hakda prezident Emmanuel Makron özüniň CNBC amerikan telekanalyna interwýusynda beýan etdi.


Russiýanyň «Яндекс» IT kompaniýasy işewürlere täze görnüşli “YandexGPT” neýrosteini hödürleýär. Onuň kömegi bilen çat-botlary we “akylly” kömekçileri döredip, maglumatly tekstleri ýazyp we birnäçe işewürlik ýumuşlary çözüp bolýar.


Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçisi “Ylym we tehnika – 2023” ady bilen geçirilýän halkara maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institynyň alymlary hem sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.


Ýewropanyň ýeňil atletika birleşmesi emeli intellekti ulanyp, Polşada geçjek III Ýewropa oýunlaryndaky öz ýaryşlarynyň gije-gündiziň dowamynda audio alnyp berlişini üpjün eder. Neýroset orta aralyklara ylgamak boýunça britan ylgaýjysy we kommentatory Hanna Inglendiň sesini klonlaşdyrmak bilen meşgullanar.


Demirgazyk-Gündogar (Northeastern University) we New-Ýork uniwersitetlerinden (New York University) howpsuzlyk boýunça hünärmenleriň topary SMS habaryny alyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitlemegiň tehnikasyny ýüze çykardy.


Amerikanyň Varda kompaniýasy orbitada derman öndürýän zawod gurmakçy. Bu ýerde dermanlar mikrograwitasiýa şertlerinde öndüriler. Aslynda, älemde ösdürilip ýetişdirilen belok kristallary ýerdäki gurluşlar bilen deňeşdirilende, olaryň siňdirilmegini gowulandyrjak we ýaramlylyk möhletini uzaltjak has kämil gurluşlary emele getirip biler.


Russiýanyň IIM-niň Döwlet awtoulag gözegçiligi gullugy ýurduň çäginde sürüjilik şahadatnamalaryny we ulag serişdesiniň hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany sanly kod görnüşinde görkezmek mümkinçiligini hödürlemäge taýýar. Şunda olary asyl nusgasy bilen tassyklamak zerurlygy ýokdur.


Bäş ýyl synagdan soňra Singapurda polisiýa robotlary peýda bolarlar.


Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwesitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň alymlary gidroliz usulynda wodorod almak boýunça iş alyp barýarlar. Bu ugurda merkeziň alymlary birnäçe gowy netijelere eýe boldular.


Indiki hepdede Samsung smartfonlarynyň Galaxy S23 flagman tapgyrlarynyň eýeleri birnäçe uly täzelenmeleri alarlar. Bu barada GizmoChina neşiri habar berýär.


Google-yň poçta müşderisi bolan Gmail-de Help me write («Ýazmaga kömek et») funksiýasy indi elýeterli boldy, ol emeli intellektiň kömegi bilen peýdalanyja hat ýazmaga kömek edýär.


Stokgolmyň ylym we tehnika milli muzeýinde emeli intellekt tarapyndan döredilen dünýädäki ilkinji heýkel görkezildi.


N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen City özbaşdak ýüzýän şäheriň taslamasyny görkezdi, ol ýerde hatda kosmos raketalary üçin uçurylýan we gonulýan meýdança hem ýerleşer.