Habarlar

Küşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldyKüşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldy

Küşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldy

Budapeştde (Wengriýa) geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynyň 8-nji tapgyrynda Türkmenistan topary 1-nji we 2-nji tagtalarda halkara derejeli ussat Saparmyrat Atabaýewiň we grossmeýster Meýlis Annaberdiýewiň ýeňişleri, şeýle hem 4-nji tagtada Allaýar Şirliýewiň deňme-deň oýnamagy netijesinde Islandiýany (ekiş sany – 46; ortaça reýting – 2483) 2,5: 1.5 hasabynda ýeňdi.