

«Ýaşlary ösdürmegiň tomusky maksatnamasy – 2023» ýaşlary çagyrýar
«Ýaşlary ösdürmegiň tomusky maksatnamasy – 2023» 10-njy iýulda Aşgabatda başlar. Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine we telekeçilik ukyplarynyň ösmegine hem-de ýaşlaryň işe ýerleşmegine goldaw bermäge gönükdirilen bilim kampaniýasy, USAID-iň häzirki zaman hünär ussatlygyny ösdürmek taslamasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi» milli jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan başladylýar.



















