

Dubaýda namaz okamak üçin suwasty zaly bolan dünýädäki ilkinji ýüzýän metjit gurlar
Yslam taryhynda ilkinji ybadat ýerleriniň binagärliginden daşlaşan ýüzýän metjit Dubaýda gurlar diýip, Yslam we haýyr-sahawat işleri boýunça bölümi habar berýär.


Yslam taryhynda ilkinji ybadat ýerleriniň binagärliginden daşlaşan ýüzýän metjit Dubaýda gurlar diýip, Yslam we haýyr-sahawat işleri boýunça bölümi habar berýär.


Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna 1301 adam kabul edilip, 265 sany daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama berildi. Türkmenistanyň täze raýatlary bolan adamlar 32 milletiň wekilleridir.


“Türk dünýäsiniň etnomodasy” atly moda hepdeligi 26-njy sentýabrda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçiriler. Çäräni gurnaýjylaryň berýän maglumatlaryna görä, moda sergisi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çägindäki halkara festiwalynda geçiriler.


Duşenbe güni paýtagtyň Arçabil myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyz, hemişelik Bitarap halkara habar giňişliginde» atly halkara metbugat forumy işe başlady.


Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň 2-nji ýarymýyllygy üçin gazetlere we žurnallara 387 müň adam onlaýn ýazyldylar.


Onda 4 topar bäsleşip, olar “Döwletliligiň nyşany” temada güllerden döredijilik eserlerini döretdiler. Olaryň her biri aýratyn yhlas bilen döredilipdir.


Elektronika.tm-onlaýn dükany öz müşderilerini Garaşsyzlygyň şanly 32 ýyllyk baýramy bilen gutlaýar we “Sowgatly” aksiýany yglan edýär.


Şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdelerini goýberildi. Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesi gönükdirildi.


Türkmenistan howanyň gün tertibi boýunça halkara tagallalaryna goşulýar we howada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli derejede çäreleri görüp, BMG-nyň başlangyjy - Ählumumy Metan borçnamasyny goldaýar. Bu barada ýekşenbe güni, 24-nji sentýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.


2023-nji ýylda meýilleşdirilen 2688 ýerine derek, Türkmenistanda 7607 täze iş ýerleri döredildi, ýagny bu meýilleşdirilenden üç esse köpdir.


Milli ynsanperwer ýolumyzdan we mätäçlere goldaw bermekden ugur alyp, idege mätäç çagalara kömek etmek üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe günündäki Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýtdy.


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini dowam etdirmäge çagyrdy.


12-14-nji oktýabr aralygynda Duşanbede Merkezi Aziýada iň uly gurluşyk sergisi “TajBUILD-2023” bolar. Sergide gurluşyk, binagärlik we dizaýn pudagynda iň soňky üstünlikler we ugurlar görkeziler.


Russiýanyň we Hytaýyň alymlary dermany çiş öýjüklerine ýetirmek üçin nanokapsulalar döretdiler. Kapsulalar demir oksidi nanopartikullara esaslanýar we neýlon bilen durnuklaşdyrylýar. Antirak dermanlary sagdyn dokuma täsir etmezden göni çişe “geçirilip” bilner. Magnetochemistry žurnalynda täze ösüşi beýan edýän makala çap edildi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi.