HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Belarus ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Noýabr 21, 2023 | 10:42 |3065
Türkmenistanyň wekiliýeti Ylym-tehnologiýa pudagyndaky hökümetara türkmen-belarus hyzmatdaşlyk toparynyň III mejlisine gatnaşdy we onda  2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.Türkmenistanyň wekiliýeti Ylym-tehnologiýa pudagyndaky hökümetara türkmen-belarus hyzmatdaşlyk toparynyň III mejlisine gatnaşdy we onda  2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Çeşme: cis.minsk.by

Türkmenistanyň wekiliýeti Ylym-tehnologiýa pudagyndaky hökümetara türkmen-belarus hyzmatdaşlyk toparynyň III mejlisine gatnaşdy we onda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Mejlisde täze himiki tehnologiýalary we serişdeleri döretmek, bio we nanotehnologiýalar boýunça gözlegler, lukmançylyk we derman senagaty pudagyndaky bilelikdäki taslamalar, daşky gurşaw meselelerini çözmek, tebigy we tehnogen seýsmiki hadysalary öwrenmek, şeýle hem oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, belarus tarapyna bolsa, Respublikanyň Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Tatýana Stolýarowa ýolbaşçylyk etdiler.

Снимок экрана 2023-11-21 080721.png

Taraplar özara peýdaly esasda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek barada ylalaşyk gazandylar. Ylmy bilimleri, tejribe alyş-çalşy işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslama çärelerini giňeltmek we umumy gözleg guramalaryny we ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek üçin tagalla etmek ylalaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026