Habarlar

Gruziýanyň premýer-ministri Aşgabatdaky Şota Rustaweliniň otyrdylan heýkeli üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdiGruziýanyň premýer-ministri Aşgabatdaky Şota Rustaweliniň otyrdylan heýkeli üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Gruziýanyň premýer-ministri Aşgabatdaky Şota Rustaweliniň otyrdylan heýkeli üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwlet Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini we abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildiTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

20-nji maýda, Duşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň raisi Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdilerTürkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildiAlmaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Almaty şäherinde ýerleşýän Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – Gündogar edebiýatynyň söz ussady» atly halkara maslahat gurady.