

Aşgabatda "Buratino" aýdym-saz ertekisi ýerine ýetiriler
14-nji iýunyñ agşamsyna Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiñ ýolbaşçylygyndaky orkestriñ ýerine ýetirmeginde "Buratino" aýdym-saz ertekisi görkeziler.


14-nji iýunyñ agşamsyna Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiñ ýolbaşçylygyndaky orkestriñ ýerine ýetirmeginde "Buratino" aýdym-saz ertekisi görkeziler.


Ýakyn 3-4 günde Türkmenistanyñ çägi, şol sanda Aşgabat şäheri salkyn howa akymlarynyñ täsirine düşer.


Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýurduň garaşsyzlyk güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi. Gruziýanyň halkynyň azatlyga we demokratiýa bolan islegini alamatlandyrýan bu möhüm sene, Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi


24-nji maýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy


Azerbaýjanyñ Milli ylymlar akademiýasynyň baş binasynyň öňündäki Ylymlar akademiýasynyň seýilgähinde türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalynyň (IV LitBookFest) dabaraly açylyşy boldy. Bu halkara medeni çärä Türkmenistan hem gatnaşýar.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, sport bilen meşgullanmak we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýokary okuw mekdepleriniň netijeliliginiň ýyllyk dördünji monitoringiniň jemlerini jemledi. Monitoring ýokary okuw mekdepleriniň işiniň esasy ugurlaryny, ýagny okuw, okuw-usulyýet, ylmy-barlag we terbiýeçilik işleriniň ýerine ýetirilişini, uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini, ylmy işjeňligi, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hilini, şeýle-de ylmy, bilim we pedagogik ölçeg görkezijilerine esaslanýan beýleki görkezijileri öz içine aldy


Şu ýyl Demo Day 31-nji maýda sagat 14:00-da “Arkaç” işewürlik merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýän “Iş nokady” maslahatlar zalynda geçiriler


Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýokary ussatlyga hormat goýup, milli sungaty ösdürmäge goşýan goşantlary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow görnükli halyçy-zenanlara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýlen hormatly ady dakmak barada Permana gol çekdi.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


6–13-nji iýun aralygynda Soçide II Ýewraziýa ýurtlarynyň halkara kino festiwaly “Ýewraziýa-Kinofest” geçiriler.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Brýussel, Belgiýa – 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Derýa Soýsal meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan Brýusseldäki “Gold FM”-de ýörite radio gepleşigine gatnaşdy


23-nji maýda Fransiýanyñ Gawr uniwersitetiniñ prorektory Ž.-N.Kastorion we halkara aragatnaşyklar ditektory P.Bartelemi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardylar


Türkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, aýratyn-da energetiki geçiş, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we degişli bilim infrastrukturasy meselelerine ünsi jemleýär