HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli iş kesilen 247 raýatyň günäsini geçdi

Iýul 25, 2025 | 22:28 |4329
25-nji iýulda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 247 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi25-nji iýulda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 247 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi
Çeşme: orient.tm

25-nji iýulda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 247 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu ynsanperwerlik çäresi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, günä geçmek baradaky çözgüt Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň teklibi esasynda taýýarlandy.

Prezident toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

… Türkmenistanyň ynsanperwer syýasaty milli hukuk ulgamynyň aýrylmaz bölegi we halkara hukugynyň ykrar edilen ýörelgeleri bolan günä geçmek baradaky işleriň durmuşa geçirilmeginde ýene bir gezek öz beýanyny tapdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026