Hytaýyň iň ýokary syýasy konsultatiw geňeşi 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklady
Wan Hunin 2026-njy ýyl üçin wezipeleri mälim etdi. Esasy ugurlar: 15-nji bäşýyllyk meýilnama, tehnologik innowasiýalar we halkyň abadançylygy üçin reformalar.
Wan Hunin 2026-njy ýyl üçin wezipeleri mälim etdi. Esasy ugurlar: 15-nji bäşýyllyk meýilnama, tehnologik innowasiýalar we halkyň abadançylygy üçin reformalar.


Resmi Aşgabat Ýakyn Gündogardaky çaknyşyk zolagyndan daşary ýurt raýatlaryny ewakuasiýa etmek we “ynsanperwerlik geçelgesini” üpjün etmek ýaly çylşyrymly meseleleri gije-gündiz çözýän mahaly, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem daşary syýasatyň esasy ugurlary boýunça işini işjeň dowam etdirýär
Sorag-jogap görnüşindäki täze neşir Si Szinpiniň ykdysady pikirleriniň ylmy ulgamyny we amaly talaplaryny köpçülige we resmilere düşündirýär. 14 bölümden ybarat.
4-11-nji mart aralygynda Pekinde ВК НПКСК-nyň sessiýasy geçirilýär. Gün tertibinde: 2026–2030 ýyllar üçin ösüş meýilnamasy we hökümetiň hasabaty ara alnyp maslahatlaşylar.
Hytaýyň Daşary işler ministri Wan İ ABŞ we Ysraýylyň Eýrana zarbalaryny ýazgardy. Pekin halkara hukugyny goramaga we parahatçylykly gepleşiklere çagyrýar.


Mariýa Zaharowa 4-nji martda geçirilen brifingde rus raýatlarynyň Eýrandan çykyp gitmegi üçin howpsuz ugurlary guramakda beren kömegi üçin Turkmenistana çuňňur minnetdarlyk bildirdi


3-nji martda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň taryhynda täze sahypany açan simpozium geçirildi. «Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy çaltlandyrmak: PRESETT simpoziumynda inklyziw usulyýetleri ornaşdyrmak» diýlip atlandyrylan bu forum, iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň halkara standartlaryna laýyk gelýän täzeçil ugruna bagyşlandy


Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi bilen, Türkmenistan sebitiň ynsanperwer merkezi hökmünde öz ornyny berkitmegini dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 3-nji martynda Koreýa Respublikasynyň 23 raýatyndan ybarat topar, şol sanda meşhur türgenler, eýran-türkmen serhedinden sag-aman geçip, Aşgabada geldi


Eýrandan ewakuasiýa edilen HHR-iň 25 raýatyndan ybarat bolan ilkinji topar 4-nji martda, ir säher bilen Aşgabatdan öz watanyna uçup gitdi. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky ýokary ynamyň nusgasyna öwrülen bu giň gerimli ynsanperwer işleri giňişleýin ORIENT bilen paýlaşdy


Ashgabat şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Lim Sang-wu arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň esasy temasy geçiriljek ýokary derejedäki saparlara taýýarlyk hem-de sebitdäki häzirki ýagdaý boldy


«Roskosmos»-yň kosmonawty Oleg Kononenko «Soýuz MS-31» kosmos gämisiniň komandiri wezipesine bellenildi. Iň tejribeli rus kosmonawty üçin bu missiýa Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) altynjy uçuş bolar


Türkmenistanyň DIM-i ýurduň türkmen-eýran serhedinden daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň, awtomobil we demir ýol ulaglarynyň ygtybarly geçmegi üçin ähli şertleri doly üpjün edýändigi barada resmi habar ýaýratdy. Ähli halkara barlag-göýberiş nokatlary adaty tertipde işleýär


Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri şehit Ayatolla Seyed Ali Hameneýi üçin Eýranyñ Türkmenistandaky Ilçihanasynda we Medeniýet Merkezinde gynanç kitabynyñ açylandygy habar berilýär. Gynanç kitaby ilçihanada şu gün sagat 18-00-a çenli bolar. Medeniýet Merkezinde gynanç kitaby 10-15 gün durar
Wan Hunin 15-nji bäşýyllyk meýilnamasyna ünsi çekdi. 4-nji martda Pekinde ähliumumy syýasy geňeşme edarasynyň dördünji sessiýasy başlanýar.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi Donald Trampyň Hytaýa sapary baradaky habarlaryň fonunda iki döwletiň liderleriniň aragatnaşygy barada ABŞ bilen habarlaşýar.