HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýrandan ewakuasiýa edilen HHR-iň 25 raýatyndan ybarat bolan ilkinji topary Aşgabatdan öz ýurduna uçup gitdi

Mart 04, 2026 | 20:00 |6756
Eýrandan ewakuasiýa edilen HHR-iň 25 raýatyndan ybarat bolan ilkinji topar 4-nji martda, ir säher bilen Aşgabatdan öz watanyna uçup gitdi. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky ýokary ynamyň nusgasyna öwrülen bu giň gerimli ynsanperwer işleri giňişleýin ORIENT bilen paýlaşdyEýrandan ewakuasiýa edilen HHR-iň 25 raýatyndan ybarat bolan ilkinji topar 4-nji martda, ir säher bilen Aşgabatdan öz watanyna uçup gitdi. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky ýokary ynamyň nusgasyna öwrülen bu giň gerimli ynsanperwer işleri giňişleýin ORIENT bilen paýlaşdy
Çeşme: HHR-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Aşgabat, 4-nji mart | ORIENT. Eýrandan ewakuasiýa edilen HHR-iň 25 raýatyndan ybarat bolan ilkinji topar 4-nji martda, ir säher bilen Aşgabatdan öz watanyna uçup gitdi. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky ýokary ynamyň nusgasyna öwrülen bu giň gerimli ynsanperwer işleri giňişleýin ORIENT bilen paýlaşdy.

Howpsuzlyga tarap ýol 3-nji martda gündizine «Sarahs» serhet geçelgesinde başlandy. Hytaýyň raýatlarynyň topary Türkmenistanyň çägine giren badyna, olary Hytaýyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan taýýarlanylan awtobuslar garşylady. Türkmen tarapy serhetdäki ähli gulluklaryň dessin we guramaçylykly işini üpjün etdi.

Şol günüň agşamy ewakuasiýa edilen raýatlar Aşgabadyň halkara howa menziline geldiler. Ol ýerde olary HHR-iň Ilçihanasynyň işçi topary garşylady we ähli resminamalaryň bellige alynmagyna hem-de resmileşdirilmegine kömek etdi. Serhetden geçmekden başlap, uçara münmeklige çenli bolan ähli tapgyrlar takyk we netijeli amala aşyryldy.

china-evacuation-iran-turkmenistan-serakhs (2).jpg

Hytaýly diplomatlar şuny nygtadylar:

«Doganlyk we dostlukly Türkmenistanyň goldawy bilen ewakuasiýa guramaçylykly hem-de netijeli geçirildi. Bu çäreler açyklyk, özara goldaw we ynam ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň nusgasy boldy».

HHR-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy sebitdäki durnuksyzlyk zolagyndan üstaşyr geçýän beýleki raýatlarynyň hem watanyna sag-aman dolanmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn aragatnaşykda serhet geçelgelerinde işlerini dowam etdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026