

Aşgabatda fransuz dili boýunça olimpiada geçiriler
Fransuz dilindäki üçünji olimpiada maý aýynyň başynda Aşgabatda geçiriler. Dil bäsleşigi Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan gurnalýar. Aşgabatdaky we sebitlerdäki türkmen mekdeplerinde, şeýle hem fransuz institutynda fransuz dilini öwrenýän çagalar we ýetginjekler bäsleşige gatnaşyp bilerler.



















