Habarlar

Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy boýunça çekişmeleriniň konsepsiýasy çap edildiMerkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy boýunça çekişmeleriniň konsepsiýasy çap edildi

Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy boýunça çekişmeleriniň konsepsiýasy çap edildi

Türkmenistan tarapyndan başlangyç berlen BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň 61-nji bendi boýunça «Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy» çekişmeleriniň konsepsiýasy Baş assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Nemes kompaniýasy Türkmen-german uniwersitetini açmagy teklip edýärNemes kompaniýasy Türkmen-german uniwersitetini açmagy teklip edýär

Nemes kompaniýasy Türkmen-german uniwersitetini açmagy teklip edýär

Türkmenistan amatly geografiki ýerleşişi sebäpli, sebit we kontinental ähmiýetli ulag we üstaşyr merkez hökmünde bellidir. Bilermenleriň köpüsiniň pikiriçe, häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň iň ösen bazaryna öwrüler, bu bolsa serhetaşa ýük akymyny döredip biljek ýurtlar üçin örän amatly we bähbitli bolar – diýip, MTS halkara ulag-logistika kompaniýasynyň (Gamburg, GFR) ýolbaşçysy Azgarhil Mangal Aşgabatda geçirilen ITTC – 2023 maslahatynda aýtdy.

Türkmen ylmy ýurduň ulag infrastrukturasynyň "hyzmatynda"Türkmen ylmy ýurduň ulag infrastrukturasynyň "hyzmatynda"

Türkmen ylmy ýurduň ulag infrastrukturasynyň "hyzmatynda"

Häzirki zaman durmuş-ykdysady giňişligini innowasiýa tehnologiýalary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl, munuň netijesinde ýurduň durnukly ösüşiniň täze milli modeli emele gelýär. Ýurdumyzda iň uly ylmy, tehniki we intellektual gorlara eýe bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Türkmenistanda täze pikirleri durmuşa geçiriji bolup durýar – diýip, Tehnologiýalar merkeziň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow Aşgabatdaky ITTC - 2023 ulag maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.