

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň sebit bölüminiň başlygy bilen duşuşdy
«Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärçilikli we yzygiderli çemeleşýäris», - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Tährandaky ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň başlygy, ÝUNESKO-nyň Türkmenistanda we Eýranda wekili Golda El-Huri bilen bolan duşuşygynda aýtdy. Şeýle hem myhman BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek islegini belläp geçdi.



















