

Mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk Türkmenistanda 10 ýyla çenli kemeldildi
Indi Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk 10 ýyla deňdir, bu hem halkara hukuk ölçeglerine gabat gelýär.


Indi Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk 10 ýyla deňdir, bu hem halkara hukuk ölçeglerine gabat gelýär.


Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk materiallary ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni we ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Soçidäki «Ýewraziýa – biziň öýümiz» sergisiniň çäklerinde türkmen önümlerini görkezerler.


GDA we Ýewraziýa ykdysady birleşmesi ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy innowasiýalaryň esasynda gurulmalydyr. Bu barada Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Soçide GDA-nyň we Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň II Ýaşlar forumynyň açylyşynda aýtdy – diýip, TASS habar berýär.


Türkmenistan üçin Çarçuwalaýyn maksatnamany taýýarlamak boýunça maslahat ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleriniň we Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirildi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çarşenbe güni Müsür Arap Respublikasynyň we Moldowa Respublikasynyň täze bellenen ilçileri - Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariniň we Waleriu Kiweriň ynanç hatlaryny kabul etdi.


Ýurdumyzyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun söwdasyna garşy göreş çäreleri barada hasabat berdi.


«Türkmenawtoulaglary» Agentligi (Türkmenawtotrans) ýük daşama gatnaşyjylaryna ýol belliklerini elektron görnüşinde alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýän elektron ulag resminamalarynyň maglumat ulgamyny işe girizer.


Özbegistanda onuň Gyzyl kitabynda girizilen haýwanlary bikanun awlamak netijesinde haýwanat dünýäsine ýetirilen zyýanyň mukdary 10 esse artdyrylar. Ösümliklere zyýan ýetirip, ösmegini ýa-da ýok edilmegine jerime mukdary 5 esse artar.


Medeni aňlatmalaryň dürlüligini goramak we öňe sürmek baradaky konwensiýa gatnaşyjylaryň konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasy 6- njy iýunda ÝUNESKO-nyň Pariždaky merkezinde öz işine başlady. Forumda Türkmenistana ilçi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýew wekilçilik edýär.


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, wezipe borçlaryny laýyk ýerine ýetirmänligi we işinde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýewe berk käýinç berdi.


USAID-iň bilermenleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde alty aýlyk maşgala maslahat beriş synag meýilnamasyny tamamladylar.


Fransuz dili boýunça olimpiadanyň ýeňijileri 8-nji iýunda Aşgabatda sylaglanar. Baýrak gowşurylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda bolar.


Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda Merkezi Aziýa tennis çempionatynyň (U-12) üçünji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy, 5-nji iýunda Aşgabatda başlanan 12 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynyň dördünji tapgyrynda Özbegistanyň toparyny ýeňdi.


Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekili Mihail Minenkow "CAYLA - Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderlik akademiýasy" sebitara okuw meýilnamasyna gatnaşdy. Bu okuwlar 28-nji maýdan 4-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi we Gazagystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan ekologiýa we tebigaty goramak pudagyndaky bilermenleri ýygnady.